Halkara parahatçylygyny üpjün etmekde ýaşlaryň orny

2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler. Halkara derejesinde geçirilýän bu bäsleşige gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 250-dan gowragy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşarlar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçiriljek bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir.

Halkara bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşinde gurnalyp, degişli düzgünnama laýyklykda, onuň şahsy tapgyry test sowallary we ýazuw-barlag işleri esasynda geçiriler. Test sowallary sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny şöhlelendirer.

Halkara bäsleşigiň gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigi hem geçiriler. Bu çäre akyl-paýhas hyzmatdaşlygy formatynda bolar, onda 1 sagat 30 minut diskussiýa, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut göz öňünde tutular. Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullaryny hem-de olaryň görnüşlerini bilelikde hödürlemek

Halkara bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredildi. Daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çäreleri göz öňünde tutuldy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlaryň gözel paýtagtymyzyň täsinlikleri, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň aýratynlyklary, ýaş diplomatlary taýýarlamagyň milli tejribesi bilen tanyşmaklaryna şert döreder.

Göwher TAHYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok