Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda beýik akyldar, şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin eziz ýurdumyza gelen hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini emele getirýär. Häzirki wagtda bu iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Saparyň çäklerinde Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyjagynyň geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda sowgat berlen panda gurjagyny ilki şekile geçirip, şonuň esasynda keşde taýýarlap we taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjereniň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän bu işi ýerine ýetirmäge başarnygy halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mynasyp derejede nesilden-nesle geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
“Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahatyň geçirilmegi türkmen hem-de hytaý zenanlarynyň arasyndaky dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işleriň aýdyň beýany bolup çykyş edýär. Çünki ruhy gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagy halklary ýakynlaşdyrmak, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri hem, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halyçylyk sungatyndan söz açýan «Arşyň nepisligi» atly kitabyny sowgat hökmünde gowşurdy.
Maslahatyň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi-de guraldy. Bu sergi gadymy we häzirki zaman nagyşly haly we haly önümleri, milli lybaslar, şekilli halylar, el keşde we örme işleri, kümüş şaý-sepler, ýüpek halylar ýaly bölümlerinden ybarat bolup, olarda nepis işler ajaýyp reňk sazlaşygy, gaýtalanmajak döredijilik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar we bu işler türkmen zenanlarynyň gaýtalanmajak ussatlygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesidir.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.
Teswirler