Galla oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlykly barylýar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde diýen ýaly möhüm möwsüme — bugdaý oragyna ýokary guramaçylyk ýagdaýynda taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda edýän aladalaryndan we döredýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan babadaýhanlarymyz ýetişdirilýän hasyly ýitgisiz ýygnamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Iýmiti hem-de suwy kemsiz ýetýän bugdaýlar barha bol hasyl toplap, ýurdumyzyň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guşgursak ak bugdaý öndürmek baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynam döredýär. Bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekde welaýatlarymyzyň gallaçy daýhanlary tutanýerli zähmeti bilen has-da öňe saýlanýarlar.

Bugdaý ekilen meýdanlarda bolsa agrotehniki kadalara görä ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Barha ýakynlaşýan galla oragy möwsüminde işledilmegi meýilleşdirilýän galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary taýýarlamak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edýän kararlarynyň durmuşa geçirilmegi önüm öndürijilere has hem netijeli işlemäge şert döredip, önüm bolçulygyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ýaýlym ORAZBERDIÝEW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok