Amerikaly somnologlar 5000 adamyň gatnaşmagynda barlag geçirdiler. Olaryň her birinde haýsydyr bir uky bozulmasy bardy we her kim öz meseleleri barada jikme-jik aýtdy.
Uky üçin galan wagty hasaplamak baradaky aladanyň ukusyzlygyň iň meşhur sebäplerinden biri tapyldy. Alymlaryň pikiriçe, uky bozulsa, sagada seretmeli däl, sebäbi bu hereket diňe stresi ýokarlandyrýar we aladany güýçlendirýär.
Dürli çeşmelere görä, Ýer ýüzündäki adamlaryň 4-den 22 göterimi ukusyzlykdan ejir çekýär. Hünärmenler, esasanam ýatmazdan ozal, aladalary we stresleri dolandyrmagy öwrenmegi maslahat berýärler.
Döwletmyrat MUHAMOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler