Näme üçin dünýä baýdaklarynda benewşe reňk seýrek?

Benewşe pigment taryhda alynmasy iň kyn we gymmat reňkleriň biri boldy. Gadymy döwürlerde diňe Ortaýer deňzinde ýaşaýan deňiz balykgulaklarynyň käbir görnüşlerinden benewşe boýag alnypdyr.

Benewşe boýagyň 1 gramyny öndürmek üçin takmynan 10 müň deňiz balykgulagy gerek bolupdyr. Bu bolsa örän şol döwürde örän kyn we gymmat düşýärdi. Şonuň üçin benewşe reňk köplenç korollyk we asyllylyk bilen baglanyşyklydy.

Umuman aýdylanda, benewşe boýag şol döwürde dünýäniň iň gymmatly maddalarynyň birine öwrüldi. Boýagyň baýlyk we güýç bilen baglanyşygy ony gadymy dünýäde şalaryň reňkine öwürdi. Şol döwürlerde käbir Rim imperatorlary beýlekileriň benewşe reňkde eşik geýmegini gadagan edýän kanunlar hem kabul edipdir.

Häzirki wagtda benewşe reňk almak üçin arzan alternatiwalar bar, emma häzirki wagtda diňe iki ýurduň baýdagynda benewşe reňk bar. Olaryň biri Dominika beýlekisi bolsa Nikaragua-dyr.

Baýdaklar halklaryň taryhyny, medeniýetini we gymmatlyklaryny görkezýän bolsa-da, köplenç gyzyl, ak, gök we ýaşyl ýaly reňkler has ileri tutulýar. Benewşe reňkiň simwoliki manysy käbir medeniýetlerde möhüm bolsa-da, köp ýurtlaryň taryhy we medeni nyşanlary bu reňkler bilen aňladylýar.

Sözüň doly manysynda benewşe reňkiň baýdaklarda seýrek ulanylmagynyň esasy sebäplerine taryhda bahasynyň gymmat bolmagy, giňden ulanylmazlyk we adaty simwoliki manylar degişli bolup durýar.

Alty ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok