Hytaýyň Sian şäherinde Merkezi Aziýa seýligähi açyldy. Bu seýligäh Merkezi Aziýa ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň lideriniň taryhy sammitinden bir ýyl soň açyldy.
Bu täze seýligäh myhmanlara Merkezi Aziýanyň halklarynyň durmuşy, taryhy we medeniýeti barada giňişleýin maglumat almaga, Merkezi Aziýa halklarynyň tagamlaryny we harytlaryny satyn almaga mümkinçilik berýär.
Bu ýerde Gazagystanyň milli eşikleriniň, Gyrgyzystanyň “Okçulyk” heýkeltaraşlyk toplumyny görmek bolar, şeýle-de sebitdäki ýurtlardan getirilen bal, şokolad we ýüzlerçe dürli önümleri datmak bolar.
Merkezi Aziýa seýligähi, Sianyň gündogar çetinde halkara sergi merkeziniň golaýynda ýerleşýär. Onuň ini 400 metr, uzynlygy 1,6 kilometre deňdir. Bu ýerde Merkezi Aziýa degişli arhitektura ýadygärlikleriniň, ownuk binagärlik toplumlarynyň aýratyn toplumyny görmek bolar. Şeýle-de Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň bilelikdäki ösüşini ýatladýan “Beýik Ýüpek ýolundaky düýe jaňlary” aýratyn bellärliklidir.
Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky
TDU-niň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler