Antarktidada ýerleşýän syrly “Piramidalar”

Antarktidanyň Ellswort daglarynyň köp dürli depeleriniň arasynda esasy göwrümi 2 inedördül kilometre barabar bolup, piramida görnüşine eýe. Şeýle-de bolsa, bu gurluşlaryň adam tarapyndan döredilendigi ýa-da ýokdugy baradaky mesele dürli teoriýalary döretdi.

Köp adamlar bu piramida meňzeş gurluşlaryň Antarktida-da geçmişde ýaşaýşyň bolandygyny görkezýän subutnama bolup biljekdigini çaklaýarlar. Käbirleri bu gurluşlaryň gizlin jemgyýete degişlidigini aýdýar.

Şeýle-de bolsa, gözlegleriň netijesinde hünärmenler bu piramidalaryň buzluklaryň eremeginden we gaýalaryň döremeginden emele gelýän tebigy hadysadygyny mälim etdiler.

Antarktidadaky piramida meňzeş desgalaryň buzlaryň eremegi netijesinde ýüze çykan “pyramidal peaked mountain” diýilýän geologiki birleşmelerdigi mälim edildi.

Şeýlelik bilen, Antarktidadaky syrly “piramida” gurluşynyň adam tarapyndan döredilen artefakt däl-de, tebigy geologiki emele gelendigi barada netijä gelindi. Bu düşündiriş bilen Antarktidadaky beýleki şuňa meňzeş piramida görnüşli daglaryň hem tebigy emele gelýändigi çak edilýär.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok