Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň täze şygyr diwany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat şahyr Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly Ussadym» atly şygyr diwany çapdan çykdy. Bu täze kitap akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine bagyşlanypdyr.

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bu täze kitabynda dana şahyra goýýan hormatyny, gymmatyny şahyrana sözler bilen nagyş edipdir. Halypa şahyr zenan «Belent boýly Ussadym» atly şygyr diwany barada: “Eline galam alanyň, şahyrlyga baş goşanyň beýik akyldara meňzäsi gelýändigi hakykat. Kimiň meňzäsi gelmeýär?! Şu kitabymyň Magtymguly Pyraga bagyşlanmagy ýöne ýere däl. Her setirimi, her sözümi Pyragy ýaly many-mazmuna dolasym geldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur aldym. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan sarpasy bimöçberdir. Dünýäde boýuny Arşa dirän belent binalar, heýkeller kändir. Ýöne şahyryň şanyna sözden bina edilen şeýle täsinlik Ýer ýüzünde başga hiç ýerde ýokdur.” – diýip belleýär.

Bilşimiz ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik Geňeşi tarapyndan 2024-nji ýyly türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar.

Amangeldi AMANGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok