Hozuň peýdasy nähili? Günde näçe hoz iýmeli?

Ýagyň, belogyň we süýümiň çeşmesi bolan hozuň örän köp peýdasy bar. Hoz agram deňagramlylygyny saklamak bilen ýürek we süňk saglygyny gowulaşdyrmaga ýardam edýär.

Takmynan 90 ýokumly maddany öz içine alýan hoz, adamyň saglygyna oňyn täsir edýär. Yzygiderli iýlende immunitet ulgamyny güýçlendirýär, derä ýylmanaklyk berýär we ýygyrtlaryň döremeginiň öňüni alýar. Gandaky melatoniniň derejesini ýokarlandyryp, kadaly uka möhüm goşant goşýar.

Hozda magniý, sink, mis, demir, fosfor, birnäçe witamin bar. Ýaglara, foliý turşusyna, demir we kaliýa baý. Şeýle hem hoz, glýutsiz iýmitlenmek üçin amatlydyr. Wegetarianlara dürli iýmit we witamin goldawyny berýär. Antioksidantlaryň köplügi sebäpli garrylyk bilen baglanyşykly keselleriň, rak we ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň öňüni alýar. Hoz sagdyn we deňagramly iýmitlenmek üçin möhüm iýmitdir.

Geçirilen gözlegler, hozuň yzygiderli iýilmegi nahardan soň ýüze çykýan erbet holesterin diýip kesgitlenýän LDL-iň oksidleýji zeperiniň öňüni alýandygyny görkezdi.

Geçirilen gözlegler hozuň açlyk duýgusyny azaldýandygyny we açlygyň öňüni almaga kömek edýändigini görkezdi. Düzüminde ýagyň ýokarylygy sebäpli 100 gram hozda takmynan 674 kaloriýa bar. Sagdyn görnüşde horlanmak we esasan kaloriýa üns bermek üçin hoz iýeniňizde gaty seresap bolmaly. Günde 8-den köp hoz iýmeli däl.

Gurbanjemal GYLYÇDURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok