Günde 2 ýumurtga iýmegiň peýdasy

Günde 2 ýumurtga iýmek saçyň we deriniň güýçlenmegine kömek edýär. Towuk ýumurtgasyndaky fosfolipidler bagyrdan toksinleriň aýrylmagyny goldaýar. Gözlegiň netijelerine görä, ýumurtga iýmek zenanlarda döreýän döş düwnük keselini 18% azaldýar.

Gollandiýaly alymlar tarapyndan geçirilen gözleglerde 35-40 ýaş aralygyndaky zenanlaryň 87%-de garrylyk tegmilleri ýitip, deriniň gasynlary aýryldy. Munuň özi günde irden ertirlik naharynda 2 ýumurtga iýmek bilen az kaloriýaly iýmitlenmegiň netijesinde boldy.

Täze gözlegler towuk ýumurtgalarynyň luteýine baýdygyny görkezdi. Bu madda gözleriň ýiti görmegi üçin jogapkärdir. Yzygiderli ýumurtga görüşi gowulandyrýar.

Ýumurtga iýmek, bedende holesteriniň öndürilmegini hem saklaýar. Mundan başga-da, ýumurtgalarda trigliserid derejesini peseldýän we ýürek-damar keselleriniň howpuny azaldýan omega-3 kislotalary bar.

Beýni öýjükleriniň kadaly aragatnaşygyny üpjün edýän fosfolipidler holinden durýar. Bu aýratyn witamin beýniniň iň möhüm gurluş materialydygy kliniki taýdan subut etdi. Günde 2 ýumurtga iýseňiz, bedeniňiz bu iýmitden ýeterlik peýdalanar. Koliniň ýetmezçiligi huşuň peselmegine sebäp bolýar.

Ogulmährem REJEPMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok