«Altyn asyr» topary «Aşgabat» toparyndan üstün çykdy

«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň oýnunda «Aşgabat» toparyndan üstün çykdylar. Oýun «Nusaý» stadionynda geçirildi.

«Aşgabat» toparynyň futbolçylary öňki tapgyrda «Arkadag» toparyndan 1:7 hasabynda utuldylar, şonuň üçinem oýnuň ilkinji minutlaryndan janköýerleriň gözüniň alnynda uly hasap bilen ýeňlişiniň öwezini doljak boldular. Bu oýundan soň «Altyn asyr» topary ikinji ýeri eýeledi, ol utuk babatda (28) bir oýun köp oýnan, üçünji orna düşen «Ahal» topary bilen deňleşdi.

Çempionatda «Köpetdag» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykan «Arkadag» topary 39 utuk toplap, öňde barýar.

6-njy aprelde bolan bu garşydaşlaryň arasyndaky birinji tapgyryň oýny hem 5:0 hasabynda «Arkadag» toparynyň haýryna tamamlanypdy.

15-nji tapgyryň başga bir oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary myhmançylykda Marynyň «Energetik» toparyny 3:1 hasabynda utdy. 2 utuk bilen ýaryşda yzda barýan «Energetik» toparynyň on birinji ýeňlişi. «Şagadam» topary bolsa 21 utuk toplap, dördünji orna çykdy. Bäşinji orunda barýan «Merw» toparynyň hem şonça utugy bar, ýöne ol bir oýun az oýnady.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynda «Nebitçi» – «Aşgabat», «Altyn asyr» – «Köpetdag», «Arkadag» – «Energetik» we «Şagadam» – «Merw» toparlary duşuşarlar.

Berkeli JUMAGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok