Adamlaryň barmasy kyn ýerde ýerleşýän öý göreni haýran galdyrýar. Italiýadaky bir uçut gaýada ýerleşýän we hiç kimiň baryp bilmeýän “Buffa di Perrero” atly öýüň hekaýasy eşidenleri haýran galdyrýar.
Dünýädäki “iň ýalňyz öý” diýlip atlandyrylýan bu haýran galdyryjy öýüň nädip gurlandygy we goş-golamlarynyň nädip daşalandygy hemmede uly gyzyklanma döredýär. Italiýadaky Dolomoit daglarynyň Mote Cristallo sebitindäki gaýanyň merkezinde ýerleşýän bu täsin jaý, üçegi ýykylansoň ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. Adaty şertlerde baryp bolmajak bu jaýyň kerpiç diwarlary, eňňit üçegi, dört çarçuwaly penjireleri we birnäçe oturgyçlary bar.
Alpinistleriň hem bu ýere barmak üçin gaty howply ýoldan geçip, barmasy mümkin bolan bu jaýyň nädip gurlandygy we içindäki goşlaryň nädip oňa eltilendigi syr bolup galýar. Bar bolan maglumatlara görä, bu öý birinji jahan urşunda italýan esgerleri tarapyndan dynç almak, howpdan goranmak we Awstro-Wengriýa imperiýasyna ýakynlaşýan güýçlere garşy strategiki artykmaçlyk gazanmak üçin gurlandygy öňe sürülýär.
Humaý ATABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler