Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni gutly bolsun!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz Türkmenistan beýik-beýik ösüşlere, uly-uly sepgitlere eýe bolýar. Döwrüň belent ruhy bilen mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşy toý-baýramlara utgaşyp, ýaşaýyş joşa gelýär. Munuň özi eziz halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üpjün edilýändiginiň, ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ynha her bir güni toýdur-baýramlara baý bolan täze taryhy eýýamda agzybir türkmen halkymyz ýene-de bir şanly toýy ýagny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uludan toýlaýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ata Watanymyza bolan çäksiz söýgini, belent buýsanjy, jebisligimizi, agzybirligimizi dabaralandyrýan milli baýram hökmünde giňden bellenilýär. Sahawatly, bereketli, gözel tebigatymyzyň ýaşyl reňkiniň ajaýyplygyny özünde jemleýän Döwlet baýdagymyz mukaddeslikdir, özbaşdaklygymyzyň nyşanydyr. Bu günki gün dünýäniň çar künjünde belentden parlaýan Döwlet baýdagymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen döwletimiziň tutuş dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini belende göterýär.

Döwletimiziň ýaşyl Baýdagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsançly beýany hökmünde tutuş älem-jahana nur çaýýar. Mukaddes Watan Baýdagymyz türkmeniň ruhuna ornan, kalbyndan dörän milli gymmatlykdyr, Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, parahatçylyk babatdaky milli düşünjeleri özünde jemleýän Konstitusiýamyz, ýaşyl Tugumyz dünýä ýüzündäki abraý-mertebämizdir.

Baş Kanunymyz bagtyýar raýatlarymyzyň azatlyklarynyň, hukuklarynyň goralmagyny, halal hem yhlasly zähmet çekmegini, okamagyny we dynç almagyny üpjün etmekde mizemez hukuk binýady bolup çykyş edýär. Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy baradaky hukuk kadasyny özünde berkidýän Konstitusiýamyz döwrümiziň syýasy, durmuş-ykdysady meseleleriň oňyn çözgüdiniň tassyknamasydyr.

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda mukaddeslik saýylýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününi ýurdumyzyň çar künjünde uludan toýlamaga uly mümkinçilikleri döreden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe üstünlikler bilen batlansyn! Toýlarymyz toýa, baýramlarymyz baýrama ulaşsyn!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok