“Türkmenistan awiakompaniýasy” Türkiýede uçarman käri boýunça tölegsiz okamaga çagyrýar

Türkmenistan awiakompaniýasyaçyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlamak arkaly okuw möhleti 4 ýyl bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul etmäge çagyrýar.

Okuwlaryň tölegi “Türkmenistan awiakompaniýasy” tarapyndan resmileşdirilýär (şertnama esasda)

Dalaşgärleri saýlap almaklygyň tertibi:

1. Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowayollary» agentliginiň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

2. Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiye Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Türkiye Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

3. «Türkmenhowayollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan 15 günüň dowamynda geçmeli;

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);
  • harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);
  • umumy orta, orta-hünär we jokary bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy);
  • narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
  • “Türkmenhowaýollary” agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
  • zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);
  • mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim

dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşanlar, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň nusgasyny tabşyrýarlar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 01.05.2024-31.05.2024 seneler aralygynda kabul edilýär. (Du-An 9:00-18:00 Şe 9:00-13:00)

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.

Giriş synaglary 01.06.2024ý.-30.06.2024ý. seneler aralygynda Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

BELLIK: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (Awiakompaniya, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniyada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar. Okuw üçin tölegler awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar. Okuwdan daşary (umumy ýaşaýyş jaý, saglyk atiyaçlandyryş tölegleri, günlik iýmit, ýol) çykdajylary dalaşgäriň hasabyna ýerine ýetiriljekdir.

Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;

Telefon belgisi: 23-47-88; 37-85-50; 37-85-53;

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok