Dünýäniň iň garry gimnastikaçysy hökmünde rekord goýdy

Germaniýada ýaşaýan Joanna Kwaas atly 98 ýaşly garry zenan dünýäniň iň garry gimnastikaçysy hökmünde rekord goýdy. Ol hat-da ýaş gimnastikaçylaryňam etmekde kynçylyk çekýän hereketlerini üstünlikli amala aşyryp taryha adyny ýazdyrdy.

Joanna Kwaas 1925-nji ýylda doguldy we ýetginjeklik ýyllaryndan başlap gimnastika bilen meşgullandy. 2012-nji ýylda Italiýada gatnaşan bäsleşiginde Ginnesiň rekordlar kitabyna öz adyny ýazdyrdy we birnäçe medallary we baýraklary aldy.

Kwaas gimnastika karýerasyna 9 ýaşynda başlady we bedenterbiýe mugallymy bolup işledi. Ol sagdyn iýmitlenmäge juda üns berýär. Her gün naharyň ýanyndan gök önümleri iýýär we deňagramly iýmit programmasyna eýerýär.

Şeýle hem Kwaas gündelik gimnastika bilen meşgullanyp, birnäçe kilometr pyýada ýöreýär we suwda ýüzýär. Sosial mediýada özüniň wideolary bilen tanalýan Kwaas ýaşlara sporty söýmegi we ömürboýy beden maşklaryny dowam etmegi maslahat berýär.

98 ýaşly Joanna Kwaas ýaşlara sosial mediýanyň üsti bilen birnäçe sagdyn durmuş maslahatlaryny we gimnastika degişli birnäçe sapaklary berýär.

Gülsere MYRATGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok