Näme üçin 1816-njy ýylda tomus bolmady?!

1816-njy ýyl “Tomussyz ýyl” ýa-da “Tomsy bolmadyk ýyl” diýlip atlandyrylýan wakanyň esasy sebäpleri äpet wulkanlaryň atylmagynyň atmosfera ýetiren täsiri bilen baglanyşykly. Dünýädäki howa şertleriniň üýtgemegi adamzat jemgyýetlerine we ekosistemalara çuňňur täsir etdi.

1816-njy ýyl adaty bolmadyk howa şertleri bilen taryhda hasaba alyndy. Bu ýylyň dowamynda tomus aýlarynda, esasanam Demirgazyk Amerikada we Ýewropada garaşylmadyk sowuk boldy we gar ýagdy. Bu ýagdaý oba hojalygynyň önümçiligine ýaramaz täsir etdi, gytçylyga we azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Bu tebigy hadysanyň esasy sebäbi 1815-nji ýylda Indoneziýada Tambora wulkanynyň köpçülikleýin atylmagy bilen baglanyşykly. Partlama netijesinde atmosfera goýberlen kül we tozan bölejikleri gün şöhleleriniň ýere ýetmeginiň öňüni aldy we global temperaturanyň ep-esli peselmegine sebäp boldy.

Şeýle-de bolsa, 1816-njy ýylda adaty bolmadyk howa şertlerini diňe Tambora wulkanynyň atylmagy bilen düşündirmek ýeterlik däl. Mundan başga-da, 1816-njy ýyldan başlanan we 1850-nji ýyllara çenli dowam eden kiçijik buz döwri, bu adaty bolmadyk howa şertlerine goşant goşdy. Kiçijik buz döwründe dünýädäki ortaça temperatura 1 dereje peseldi. Bu ýagdaý, asylam sowuk howanyň 1816-njy ýylda has hem sowuk bolmagyna sebäp boldy.

Mähri BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok