Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki terjimeleriniň doly ýygyndysy neşir edildi

Ukrainada “Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ. 300 лет со дня рождения ” şahyrana ady bilen gündogaryň görnükli klassigi, türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli edebi we çeper neşir çapdan çykdy.

“Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ. 300 лет со дня рождения” atly kitap, 323 sahypadan ybarat bolup, onuň başynda “Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi” ady bilen sözbaşy we Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki 204 sany goşgulary ýerleşdirilen.

Neşir häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysydyr. Neşiriň awtory we düzüjisi, Kiýew şäherindäki Boris Grinçenko adyndaky Uniwersitetiniň žunalistika institutynyň žurnalistika we metbugat kafedrasynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiwdir.

Neşiriň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň XX-nji asyryň we biziň döwrümiziň meşhur ukrain şahyrlary, ýazyjylary, terjimeçileri tarapyndan ukrain diline terjime edilen goşgularyndan ybarat. Ukrain dilindäki terjimeleriň doly ýygyndysy bolan “Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ” kitaby Magtymgulynyň edebi mirasyny we çuňňur pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmekde we ýaýratmakda örän gymmatly goşantdyr. Bu kitap Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler, taryhçylar we filologlar, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary üçin peýdaly boljakdygy ikuçsuzdyr.

Hatyja REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok