«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçiriler

15 — 17-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň, iýmitleriň hem-de içgi önümleriniň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» 4-nji halkara sergisi geçiriler.

Bu sergä Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary hem-de işewürleri gatnaşarlar.

Serginiň ekspozisiýalarynda aşakda görkezilen ugurlar giňişleýin şöhlelendiriler:

  • Azyk önümlerini öndürmekde ulanylýan enjamlar;
  • Gaplama önümleri hem-de enjamlary;
  • Azyk we iýmit goşundylary:
  • Çörek hem çörek önümleriniň tehnologiýalary;
  • Damjalaýyn suwaryş;
  • Bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary;
  • Guşçulyk hem maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar;
  • Oba hojalyk önümleri;
  • Tohumlar we dökünler;
  • Dürli görnüşli gaplaýjy maşynlar;
  • Iýmleri garyşdyrmak üçin gurallar;
  • Ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalar;
  • Ösümlik ýagyny öndürýän maşynlar;
  • Ýyladyşhanalaryň dürli görnüşleri;
  • Ekinleri goramak üçin mineral dökünler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Gollandiýanyň, Eýranyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalarynyň 77-si geçen ýyl geçirilen “Agro Pack Turkmenistan 2023” sergisine gatnaşdylar.

Hangeldi ANNADURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok