Ýakynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň her ýyl däp bolşy ýaly Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde geçirilmegi bilermenleriň pikiriçe, “nusgawy şahyryň aýak basan topraklary ýaş döredijilik işgärleri üçin ylham çeşmesi bolar” diýlip nygtalýar.
Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilip, bu ýerde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň hödürlän 150 sany eserinden 35 sanysy eminler topary tarapyndan saýlanyp alyndy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Halmaýew, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Enemähri Guwanowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Tumar Hudaýberdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji talyby Toýly Muhammetdurdyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby Uzuk Nowruzowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji talyby Parahat Batyrow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Zyýada Ýusubowa dagylar III orna mynasyp boldular.
Baýrakly II orny Arkadag şäheriniň häkimliginiň Tehniki tükelleýiş edarasynyň tehniki tükelleýjisi Selimberdi Esenberdiýew, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, Süleýman Hojanepesow, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi Parahat Mämmetnurow, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň ýaşaýjysy Baýram Bejidow, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy Zergül Ylýasowa hem-de Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň Halkara gatnaşyklary we maglumat seljeriş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Maglumat seljeriş bölüminiň başlygy Kerimberdi Durdyýew dagylar eýelemegi başardylar.
Bäsleşikde baş baýraga «Nesil» gazetiniň habarçysy Aýşat Hojamuhammedowa eýe bolup, I orna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Suraý Babanyýazowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Ogulşat Myratberdiýewa hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nury Sakçyýew dagylar mynasyp bolmagy başardylar.
Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.
Teswirler