“Apophis” Ýere has golaýdan geçer!

Planetamyza howp abandyrjak asteroid geljek 5 ýylyň içinde Ýere has golaýdan geçer. “Apophis” diýlip atlandyrylýan bu asteroid, 2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Aýdan on esse uzak aralykdan geçer diýlip çaklanylýar.

Bu asteroid ilkinji açylanda potensial howp hasaplanylsa-da, täze gözegçilikler asteroidiň Ýere geljek 100 ýylyň içinde hiç hili gaçma ähtimalynyň ýoklugyny görkezdi we “Apophis” soňra kosmos gullugynyň “töwekgelçilikli asteroid” sanawyndan aýryldy.

“Apophis” asteroidiniň Ýere gaçmagy netijesinde döräp biljek täsir has uly bolup biler. Ýöne hünärmenler şeýle uly jisimleriň Ýere gaçmagynyň seýrekdigini aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, bolup biljek howpy ünsden düşürilmeli däl.

Alymlar, “Apophis”-iň Ýeriň agyrlyk meýdany bilen özara täsirine düşünmek üçin Ýere has golaý gelen pursady ony öwrenmegi meýilleşdirýärler. Munuň üçin alymlar häzirden ony synlaýarlar.

Hususy kosmos kompaniýalary “Apophis”-e ýakynlaşmak üçin dürli uçuş tekliplerini hem hödürleýärler. “Blue Origin”, “Apophis”-e arzan bahaly uçuşlar üçin orbital platformasy “Blue Ring” ulanmagy teklip edýär, “ExLabs” bolsa asteroidiň mazmunyny öwrenmek üçin täze ulgam teklip edýär.

Meteoritleriň köpüsi Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky giňişlik guşagynda tapylsa-da, käbir ýagdaýlarda kadadan çykmalar bolýar. Ýagny, käbir asteroidler Güne has golaýlygy sebäpli aşa ýagtylyk düşensoň Ýerdäki teleskoplar arkaly görmek örän kyn düşýär.

Aýgül HAKBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok