Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün-günden ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda, etraplarynda saglygy bejeriş hassahanalaryň, saglyk öýleriň we ylmy-kliniki merkezleriň gurluşygy yzygiderli artýar we olar häzirki zaman tehnikalary bilen ýokary derejede üpjün edilýär. Ýurdumyzda döredilýän sagaldyş merkezleriniň hemmesi hem ilatyň saglygyny berkitmekde we gorap saklamakda edilýän aladalaryň mysaly bolup durýar. Türkmen tebigatynyň dermanlyk otlaryndan we ösümliklerinden derman önümçiligi boýunça birnäçe kärhanalar açyldy. Dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri özara hyzmatdaşlyklary ýola goýdy.
Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän sepgitler, lukmançylyk ulgamynda edilýän netijeli hyzmatlar we döredilýän şertler ýurdumyzy beýleki ýurtlaryň arasynda has ösen derejelere ýetmegine we döwletimiziň at-abraýyny mundan beýläkde artmagyna ýardam berýär. Ilatyň saglygyny goramak boýunça gazanylýan üstünlikler barada aýdylanda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalaryň diňe bir has kämil enjamlardan ybarat bolmak bilen çäklenmän, häzirki döwürde hünärmenleriň taýýarlyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen hem bilim derejeleriň has kämil derejelere ýetmegi hem mysal bolup biler.
Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalyndaky täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň we ýaşaýşa ynamynyň subut edilen durmuş sahypasydyr.
Bu ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygy baradaky aladany berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösmeginiň ilkinji şertleriniň biri hökmünde kesgitläp, ony elmydama üns merkezinde saklaýan Arkadagly Serdarymyzyň hemişe jany sag, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
Aýna SAPAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Kadaly fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler