BBC-niň derňew gullugy, howanyň üýtgemegi sebäpli ummanlaryň temperaturasynyň soňky bir ýylda rekord derejede ýokarlanandygyny anyklady. Hünärmenler munuň sebäbini “El Niño” howa hadysasy, şeýle hem planetamyza ýaramaz täsirini ýetirýän parnik gazlary bilen düşündirýärler.
Ummanlaryň gyzmagy deňiz durmuşyna uly zarba urdy we merjenleriň agarmasyna sebäp boldy. Ýewropa Bileleşiginiň (EUB) Kopernik howa gullugynyň maglumatlary bilen geçirilen täze gözlegler köp ýyllaryň dowamynda ummanlaryň temperaturasynyň ýokarlanmagyny howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly diýip görkezýär. Sebäbi ummanlar diňe bir adamlar tarapyndan öndürilýän kömürturşy gazynyň dörtden bir bölegini tutman, eýsem artykmaç ýylylygyň 90 göterimini hem siňdirýär. Şeýle-de bolsa, ummanlaryň bu meselede kynçylyk çekýändikleriniň iň güýçli subutnamasy geçen ýyl ýüze çykdy.
2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri ummanlaryň ortaça temperaturasy uzak möhletli kadalardan yzygiderli ýokarlandy we awgust aýynda rekord derejä ýetdi. “Copernicus”-yň maglumatlaryna görä, deňiz üstündäki gündelik ortaça temperatura täze rekord goýup, şu ýylyň fewral we mart aýlarynda 21.09 C ýetdi.
Gurban BEGALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler