Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça dünýäde ýedinji orunda!

Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada öňdäki orunlarda ýerleşýär. Bu barada, “Global petrol Prices” portaly (GPP) habar berýär.

29-njy apreldäki ýagdaýa görä, Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bir litriniň bahasy 0,28$.

Türkmenistandan soň, reýtingde Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan ýerleşýär. GPP reýtingine görä, Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça dünýäde ýedinji orunda ýerleşýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok