Ýakynda dowam edýän «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde, “Çynar” myhmanhanasynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň, maslahata gatnaşmaga gelen myhmanlaryňk, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, şeýle-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda çaý başynda şygryýet agşamy geçirildi. Döredijilik agşamyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilelikde gurnadylar.
Şygryýet agşamynda edebiýaty söýüji ýaşlar öz döreden goşgulary barada özara pikir alyşdylar we halypalardan maslahatlary edindiler. Belläp geçsek, döredijilik agşamlarynyň gurnalmagy, bu ugur bilen meşgul bolýan ýaşlar üçin gymmatly tejribeleri gazanmaga, döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge, halypa-ýazyjylardan döretmegiň täzeçil tärlerini öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Teswirler