«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň jemi jemlendi

«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy we bölümçeleri guramaçylykly geçirilip, “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň mejlisler jaýynda bölümçeleriň işleriniň jemi jemlendi. Bölümçelerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi M.Meredow hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri U.Kakaýewa we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Emläk gatnaşyklary, telekeçiligi goldamak we hususylaşdyrmak bölüminiň esasy hünärmeni P.Meretliýew dagylar öz bölümçeleriniň işiniň netijeleri boýunça çykyş etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok