Külli türkmeniň şahyry hökmünde at-owazasy dünýä dolan beýik akyldar Magtymguly Pyragy hakynda söz açylanda, ilkinji nobatda onuň türkmen edebiýatynyň taryhynda bahasyna ýetip bolmajak beýik hyzmatynyň bolandygyny, şahyryň edebi döredijiliginde halkymyzyň şöhratly ýoluny aýdyň görmek bolýar. Beýik söz ussadynyň ýaşan jemgyýetçilik durmuşyna berýän bahasy onuň goşgy setirlerinde anyk hem aýdyň şöhlelenýär. Pyragy öňdengörüji, beýik akyldar, parasatly ynsan hökmünde özüniň öwüt-nesihata ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orun alandyr. Ata Watana, halal zähmete, ýaşaýşa, dost-doganlyga, agzybirlige söýgi, birek-birege hormat-sarpa goýmak Magtymgulynyň döredijiliginde belent owaz bilen ýaňlanýar. Şahyryň şirinden şirin şygyrlary ynsanyň kalbyna hem ruhuna giňlik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilmegi onuň hormatynyň dünýä derejesinde belentdigini alamatlandyrýar. Ajaýyp türkmen şahyrynyň watansöýüjiligi, ruhubelentligi, köp sanly goşgularynyň lirikasy kompozitorlaryň saz eserleriniň mazmunyny hem kesgitleýär. Ýagny Magtymgulynyň «Sil biläni», «Gözüm düşdi», «Türkmeniň» ýaly goşgularyna ýazylan ajaýyp aýdymlar bellenmäge mynasypdyr.
Şahyryň ýokary çeperçilik bilen ýazylan eserleri türkmen edebiýatynyň, sungatynyň altyn hazynasyna özboluşly öwüşgin berýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine näçe içgin aralaşdygyňsaýy onuň bize miras goýan gymmatly eserleriniň ýolumyza şamçyragdygyna, her birimiz üçin nusgalyk mekdepdigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Biz bagtyýar ýaşlara hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly görelde mekdebine eýermek perzentlik borjumyzdyr. Şahyr şygyrlarynda hem bellenilişi ýaly:
Arkadag Serdarly bagtly eýýamda,
Arzuwlan zamanaň dünýä ýaň salýar.
Üç ýüz ýyllyk toýuň baýram çagynda,
Pyragym, owazaň äleme dolýar.
Edebiýat äleminiň parlak ýyldyzy akyldar şahyr Magtymguly Pyraga, onuň edebi döredijiligine uly sarpa goýulmagy ugrunda uly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir!
Güljemal HALLYÝEWA,
S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty
fakultetiniň talyby.
Teswirler