Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň pileçi kärendeçileri ýüpek gurçuklaryna edilýän ideg işlerini ýokary guramaçylykly ýola goýdular. Bu gün ýüpek gurçugyndan piläniň bol hasylyny almak ugrunda edilýän aladalar, döredilýän mümkinçilikler edermen pileçi kärendeçileriň ruhuny belende göterýär.
Işlemek üçin ähli şertler döredilen bu ajaýyp döwürde uludan toýlanjak Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylap, döwlet harmanyna ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny tabşyrmak her bir kärendeçiniň esasy maksady bolup durýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pile möwsüminde ýygnalan hasyl hem eziz Watanymyzyň harman çäjini beýgeltdi. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda gaýtadan işlenip, pileden alnan näzik sapaklaryň owadan matalara, keşde-nagyşlara, elwan öýmelere, ajap halylara öwrülip, gyz-gelinlerimizi, öý-ojaklarymyzy, köşgi-eýwanlarymyzy bezejek günleri indi daşda däl.
Milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Enetäç REJEPGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.
Teswirler