Bugdaýa göwnejaý ideg edilýär

Bu gün sahawatly topragymyz berekedini eçilýär. Onda adyny tutan ekiniň bitýär. Daýhan yhlasy bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşinden ýetişdirilýän bol hasyl bolsa gyzyl-ýaşyl öwüsýän meýdanlarymyzda ekerançylyk medeniýetimiziň ösýändigine güwä geçýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda yhlasly zähmet çekýän edermen gallaçy babadaýhanlarymyz şu günler däne ekinlerine göwnejaý ideg edýärler. Bu ugurda daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň gallaçylary ýerden ýokary hasyl almagyň aladasy bilen, ekinlere ýokary agrotehniki talaplara laýyklykda suw tutmak, goşmaça iýmitlendirmek işlerini batly depginlerde alyp barýarlar.

Bugdaý ekininiň dökünler bilen gurplandyrylmagy, akaba suwdan gandyrylmagy onuň ösüşini çaltlandyrýar. Berjaý edilýän ideg işleriniň oňat netijeleri berýändigine guwanýan gallaçy daýhanlar nobatdaky aladalara has yhlasly ýapyşýarlar. Bereket hasylyny ýetişdirýän gallaçy kärendeçiler guşgursak ak bugdaýyň ýekeje dänesini hem yrýa etmän meýdanlardan ýygnap almak üçin aladalanýarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete meýilnamadan artdyryp galla tabşyrmagy kalplarynda besleýän ýurdumyzyň ýer eýeleri bugdaýyň ideg işlerinde kemçilige ýol bermeýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň bu ugra uly-uly goldaw edýändiginden hoşal bolýarlar.

Tazegül TOÝGULYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok