Saglyk – baýlyk, saglyk – beglik. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda lukmançylyk pudagyna aýratyn uly üns berilýär. Çünki çuňňur hormatlanýan Alym Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň sagdyn ýaşamagy üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly atamyzyň “Saglygyň gadryn bilgin, hasta bolmazdan burun” diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.
Sagdyn eneden sagdyn nesil peýda bolýar. Sagdyn nesillerden hem sagdyn durmuş we sagdyn ýaşaýyş kemala gelýär. Ata Watanymyzda halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, saglygynyň ýokary derejede bolmagy üçin birnäçe tagallalar edilýär. Döwrebap enjamlar ornaşdyrylan şypahanalaryň, hassahanalaryň, saglygy dikeldiş we bejeriş merkezleriniň birnäçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi, köpsanly dermanhanalaryň gije-gündiz hereket edip, halka elýeter bahadan derman serişdelerini islendik wagtda almaga mümkinçilikleriň döredilmegi Watanymyzda ilatyň saglygy üçin edilýän atalyk aladalaryň biridir. Ýurdumyzda lukmanlarymyz çaganyň ene garnyndaky ilkinji gününden başlap sagdyn ýaşaýşyny alyp barmagy üçin alada edýärler. Mundan başga-da näsaglaryň aýry-aýry toparlary üçin kömek hökmünde birnäçe derman serişdeleri mugt berilýär we näsaglara muzdsuz hyzmatlar amala aşyrylýar. Ýylyň-ýylna täze tiz kömek ulaglary, hassahanalar ulanylmaga berilýär.
Her ýylyň 8-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni uludan bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda sporta, bedenterbiýe maşklaryna uly üns berilýär. Welosipedli ýörişler guralýar. Türkmen halkymyzyň Ata Watanymyzda halkyň asuda, erkana we sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygy çäksizdir!
Gülşat ÝUWŞANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Kadaly fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler