Dermanlyk çopantelpek (Microcephala lamellate) – boýy 15 santimetre çenli ösmäge ukyply bolan efemer ösümlikdir. Bu ösümligiň ýylyň dowamynda ýaşaýyş döwri gaty gysga. Dermanlyk çopantelpek Çylşyrymgülliler maşgalasynyň wekili bolup, halk lukmançylygynda uly ähmiýetli ösümlik hasaplanylýar. Mundan başga-da ösümlik ot-iýmlik hökmünde hem peýdalanylýar.
Dermanlyk çopantelpegiň baldagy uzaboýuna şahalanan we daşy uzyn çalymtyl tüýjagazlar bilen örtülendir. Ýapraklarynyň uzynlygy 15–25 millimetr töweregi. Süýnmek şekilli ýapraklary bilen özboluşly görnüş emele getirýär. Bu ösümligiň sebet şekilli gülleri bolup, her bir gül sebedi ýekeleýin ýerleşendir. Gül sebediniň diametri 5–15 millimetr töweregidir. Dermanlyk çopantelpegiň gülýany ýapraklary ak reňkli bolýar. Bu ösümlik mart aýynda gülläp, maý aýynda tohum emele getirýär. Tohumlary arkaly gowy köpelýär.
Dermanlyk çopantelpek biziň ýurdumyzda duş gelýän esasy derman otlarynyň biridir. Bu ösümlik daşly, çägeli topraklarda, çemenliklerde, ekerançylyk ýerlerinde ýabany görnüşde duş gelýär. Çopantelpek tohumy bilen oňat köpelýär.
Dermanlyk çopantelpegiň düzüminde ynsan saglygy üçin zerur bolan himiki we mineral maddalyň birnäçesi saklanýar. Bu ösümlikden taýýarlanan derman çaýlary bedeniň ähli agzalarynyň sowuklamasyna garşy peýdalydyr.
Dermanlyk çopantelpegiň biologiki we botaniki aýratynlyklary, lukmançylykda peýdalanylyşy barada Alym Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki kitabynda giňişleýin durlup geçilýär.
Baýramgözel BAKYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler