Mary welaýatynyň Mary etrabynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň 309,7-nji kilometrinde iki sany täze Awtoulaglara ýangyç guýujy beket işe girizildi. Olar “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň sargydy boýunça guruldy.
“Marygazgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary baş potratçylyk esasynda AÝGB-ni ýokary hil derejesinde gurdular we desgalary bellenilen möhletlerde ulanyşa berdiler.
Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli ýoly boýunça hereket edýän awtoulag serişdelerini bökdençsiz üpjün etmek üçin beketleriň her birinde ýangyç saklamak üçin bäş sany 60 kubluk metal konteýnerler oturdyldy. Beketlerde sürüjiler üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Beketler dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýangyç gaplary we beýleki ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.
Taslama kuwwatyna laýyklykda, ýangyç beketleriniň her biri günde 750 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen. Bu AÝGB-lerde awtoulaglaryny А-95, А-92, А-80, EKO-93 benzinleri bilen, şeýle hem dizel ýangyjy bilen dolduryp bilerler. Beketlerde operatorlar üçin hem iş üçin oňaýly şertler döredildi.
Dawut HEMRAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler