Türkmenistan “Turan” film festiwalyna gatnaşýar

2-nji maýda, Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde halkara “Turan” film festiwaly öz işine başlaýar. Oňa Türkmenistandan Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, režissýor Sahysalyh Baýramow myhman hökmünde gatnaşýar.

“Gyzyl alma” şygary bilen geçirilýän festiwalyň çäklerinde kino muşdaklaryna görkezmek üçin Türkmenistandan birnäçe filmler hödürlendi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino baş müdirliginiň, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň we Ege uniwersitetiniň bilelikde gurnaýan kinofestiwaly üçin 77 döwletden 1055 film hödürlendi.

Türki döwletleriň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän festiwalyň çäklerinde kinolaryň bäsleşigi, söhbetdeşlikler, surat sergisi, konsert maksatnamasy we beýleki birnäçe medeni çäreler göz öňünde tutulýar. Bu festiwala hödürlenen filmler tejribeli emin agzalary tarapyndan seljeriler we kinolar 13 ugur boýunça degişli baýraklara mynasyp bolar.

Aýjan GÜRJIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok