Türki döwletler bilelikde emeli hemra işläp düzerler

Türki döwletleriň arasynda bilelikde emeli hemra işläp düzmek babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow guramanyň agza we synçy döwletleriniň kosmos agentlikleriniň 3-nji mejlisinden soňra beren beýanatynda mälim etdi.

Bu taslamanyň çäklerinde degişli ýurtlardan düzülen inženerler topary Gazagystanyň ylmy-barlag merkezinde iş alyp bararlar we şonuň netijesinde kosmos giňişligine emeli hemra uçurylar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň kosmos agentlikleriniň 3-nji mejlisi Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar kosmos we emeli hemra pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşydylar. Şeýle hem taraplaryň arasynda kosmos ylmy-barlaglary bilen baglanyşykly käbir meseleler boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Süleýman ORAZGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok