Şorluklar esasan ýerasty suwuň ýer üstüne ýakyn ýerleşmegi hem-de ýerleri talaba laýyk ulanylmazlygynyň hasabyna emele gelýärler. A. P. Lawrowyň klassifikasiýasy boýunça Türkmenistanda ähli topraklar 9 görnüşe bölünýär: mele topraklar, takyrlar, takyrly, takyr görnüşli topraklar, çöl-çägeli, çemenlik, mele, batgalyk topraklar we şorluklar. Şorluklar hem öz gezeginde:
Adaty şorluklar;
- Ýumşak şorluklar
- Gapakly şorluklar
- Gapakly – ýumşak
- Yzgarly
Çemenlik şorlyklar we şorlar ýaly görnüşlere bölünýärler. Häzirki wagtda şorluklar ýurdumyzyň umumy meýdanynyň 2,3 mln ga tutýar.
Şorlaşan topraklary haýsy ýollar arkaly arassalap bolýar?
Topragy şorlaşmakdan esasan 4 sany ýol arkaly arassalamak mümkindir.
- Ilki bilen ýeriň şorlaşmagyna ýol bermeli däldir!
- Ikinjiden suwaryş suwunyň hasabyna artykmaç duzlaryň ýuwulyp çykarylmagy;
- Himiki, organiki birleşmeler arkaly topraklarda toplanan duzlaryň dargadylmagyny gazanmaly;
- Topragy ýuwmak işini geçirmeli.
1 – Ýerleri şorlaşmakdan goramak üçin ýerasty suwlary gözegçilikde saklamaly. Ýurdumyzyň şertlerindäki topraklar emele gelen pursadynda olaryň düzüminde mineral duzlar agdyklyk edipdir. Şol sebäpli topraklary gözegçilikde saklamak zerur bolup durýar.
2 – Haçanda ekinleri, ýerleri suwaranymyzda suwaryş suwunyň düzümindäki minerallaryň möçberi 1,5-2,0 gramdan geçmeli däldir, ondan köp bolan ýagdaýynda süzmek arkaly minerallary azaltmalydyr. Suwaryş suwunyň esasy wezipesi ösümlikleri suw bilen üpjün etmek dälde, toprakdaky minerallary ýuwup aşak geçirmekden ybaratdyr.
3 – Himiki usul arkaly şorlary arassalamak üçin heki toprak bilen garmaly. Hek topragyň düzümindäki duzlary dargadýar, indiki iş suwa degişli bolup suw dargan duzlary aňsatlyk bilen aşak çökdürmäge mümkinçilik berýär. Organiki usulda toprakdaky duzlary arassalamak üçin dürli tezekler, ösümlik garyndylary bilen arassalamak gerekdir.
4 – Şorlanyş derejesine görä kesgitli meýdanda 70 sm den 1 metre çenli pelle galdyryp, kesgitlenen meýdanda barlag işlerini geçirmeli we suwdan doldurmaly (suwdaky minerallaryň möçberi 1,5-2,0 % den geçmeli däl). Suw siňdirilenden soňra hökmany suratda daşary akdyrylmaly, akdyrylan suw arassalanmaga degişli bolup, onuň öňünde suw arassalaýjy desgalary gurmak zerurdyr.
Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-niň
Ekologiýa hünäriniň II ýyl talyby.
Teswirler