Gözelligiň nepisligiň nusgasy bolan türkmen ahal-teke bedewiniň, alabaýynyň keşbini şekillendirmeklik sungat adamlarynyň döredijiliginde täze sahypany açdy. Nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda, keramikada, grafikada şeýle-de netjarçylykda gözelligi wasp edip bilmeklik üçin ýeterlik ussatlygy talap edýär. Şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda öz içki ruhy gözelligini nepis çyzyklaryň, tegmilleriň üsti bilen beýan etmegi başaran ýaş suratkeşleriň biri hem Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň keramika hünäriniň mugallymy Begmyrat Muhammedowdyr. Döredijilik dünýäsiniň gapysyndan ýaňy giren ýaş suratkeşiň eserleriniň agramly bölegi türkmen ahal-teke bedewine, türkmen alabaý itine, tazysyna bagyşlanýar. Suratkeş Begmyrat Muhammedowyň çagalykda eline galam alyp ak kagyzyň ýüzünde ilkinji şekilleri döreden ýeri hem hut şu zähmet çekýän Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinden başlanypdy. 2000-2004-nji ýyllar aralygynda suratkeş mugallym Gyzylgül Annaberdiýewanyň elinde ilkinji tälimini alyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okuwyny dowam etdirdi. Bu ýerde oňa halypa Türkmenistanyň halk suratkeşi, keramikaçy Dursunsolmaz Muhammedowa saýlap alan hünärinden sungatyň inçe syrlaryny öwretdi.
Begmyrat Muhammedow heniz talyplyk ýyllarynda öz eserlerine döredijilik gözi bilen seredip başlaýar. Ýaşlaryň arasynda geçirilen birnäçe sergilere, bäsleşiklere işjeň gatnaşýar. Onuň 2014-nji ýylda okuwy tamamlajak ýyly diplom taslamasy hem türkmen ahal-teke bedewine bagyşlandy. “Behişdi bedewler” diýip atlandyrylan eseri onuň halypalardan öwrenen tilsimlerini äşgär edýär.
Ýaş keramikaçynyň döredijiliginiň içinden erş argaç bolup geçýän ahal-teke bedewleriniň keşbini ýerine ýetirmekde has-da kämilleşýär. Indi keramikanyň çygryndan çykyp ol heýkeltaraşlyk usulynda ýerine ýetirmeklige girişýär. Relýef (çykgytly) ýerine ýetirilişde taslamalarynda taryhy ýadygärlikler bilen baglanyşykly şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi bilen baglanyşykly taslamalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Begmyrat Muhammedowyň “Akhan” atly eseri hasda şowly çykan işleriniň biridir. Ol bu taslamanyň ilkinji görnüşinde Akhanyň gözel keşbini ussatlyk bilen görkezýär. Ol dag gerişleriniň ýokarsyna çykyp kişňeýär. Onuň hereketli pursady taslamany has-da işjeňleşdirýär. Begmyrat Muhammedow eseriň gahrymanyny belentde goýmak bilen oňa dabaralylyk häsiýetleri berýär we onuň abraýynyň, şöhratynyň halkyň arasynda belentdigini subut etmek iseýär. Atyň arka görnüşinde Ak şäherinimiz gözel Aşgabadyň binalarynyň gözel keşbi şekillendirilýär. Beýikli-pesli görnüşinde ýerine ýetirilen heýkeltaraşlygyň relýef usulynyň özboluşly ruhy eseriň gymmatlylygyny artdyrýar. Eser dürli gözýetimden sereden halatynda hem her gezek Akhanyň hem Aşgabadyň gözelliginiň özboluşly taraplary açylýar we tomaşaça täsir edýär.
Şeýle äheňde ýerine ýetirilen işleriniň biri hem “Merw bedewleri” atly taslamasydyr. Bu eserinde ýaş kermikaçy iki sany bedew atynyň erkana çapyp barýan keşbini şekillendirýär. Onuň arka görnüşinde bolsa gadymy Merw ýadygärlikleriniň arasynda uly gyz gala ady bilen tanalýan taryhy ýadygärlik şekillendirilýär. Begmyradyň şeýle taslamany ýerine ýetirmekligi türkmen bedewleriniň ata-babalarynyň köklerini taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýandygyny nygtamak isleýär. Olaryň erkin çapyp gelmekleri bolsa halkyň erkinligini aňladýar. Çünki müňýyllyklaryň dowamynda erkinligini elinden bermedik türkmen halkynyň iň ýakyn syrdaşyna öwrülen bedewleriň keşbi hem bu eserde onuň erkinliginiň simwoly (nyşany) bolup hyzmat edýär. Inçeden nepis edilip ýerine ýetirilen bedew atlary, olaryň gözelligi eseriň mazmunyny has-da balaşdyrýar.
Keramikaçy Begmyrat Muhammedowyň “ Türmen awçysy”, “Uçar ganatym” ýaly işleri hem üstünlikli ýerine ýetirilmek bilen birnäçe sergilerde tomaşaçylaryň uly söýgisini gazandy. Ol diňe bir heýkeltaraşlyk ýa-da keramika sungaty däl eýsem zergärçilik sungatynda hem birnäçe işleri ýerine ýetirdi. Mundan başgada adaty tekiz agajyň ýüzünde ýörite metalyň kömegi bilen ýüzüni ýakmaklyk arkaly işleri bilen hem çykyş etdi. Ol işleriň hataryna “Behişdi bedewler”, “Bedew”, “Türkmen alabaý iti” ýaly özboluşly döredijilik işleri degişlidir.
Her bir şekili inçelik bilen yzarlamagy başarýan ýaş suratkeş şekillendiriş sungatynyň haýsy ugrydygyna garamazdan öz döredijiligini dowam etýär. “Meniň üçin esasy zat sungatyň haýsy ugrynda eser döretýänligim däl-de , döredijilik gözelligini öňe çykarmagym zerurdyr” diýip belleýän ýaş suratkeş döreden şekillerini hakykaty beýan etmek bilen gözelligi öňe çykarýar. Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrüniň ruhy ylhamyndan ruhlanýan suratkeşiň döredijiligi gelejekde täze taslamaryň gözleginde.
Döwletmyrat DURDYÝEW,
Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň
müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri
boýunça orunbasary, sungaty öwreniji
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň dalaşgäri.
Teswirler