Häzirki wagtda sanly ykdysadyýetiň barha ösýän döwründe global ulag-logistika ulgamy has hem kämilleşdi. Halkara logistikanyň çylşyrymly tehnika-tehnologiýanyň kömegi arkaly sanly öwrülişik geçirýändigi sebäpli dünýä söwdasy möhüm özgerişleri başdan geçirýär. Adatça kagyz üsti bilen iş ýollaryna we el bilen işlemeklige daýanýan bu pudak, amallary tertipleşdirmek, aç-açanlygy ýokarlandyrmak we çykdajylary optimizirlemek üçin tehnologiýadaky ösüşleri kabul edip öz netijeliligini barha artdyrýar.
Global logistika ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy harytlaryň daşalyş düzümini üýtgetdi. Takyk maglumatlary ýygnamak we derňemek, has netijeli ugurlary saýlamaga, ammar dolandyryşyny optimizirlemäge we inwentar derejelerine gözegçiligi saklamak ýaly ugurlarda iş depgininiň çaltaşmagyna mümkinçilik berdi.
Ulag-logistika ulgamyny sanlaşdyrmagyň iň möhüm peýdasy, hödürlenilýän hyzmatlarda aç-açanlygyň we görnükliligiň ýokarlanmagydyr. Müşderiler indi iberiş ýerini we ýagdaýyny örän tiz wagtda yzarlap bilerler. Kärhanalar özleri üçin gerek bolan ähli üpjünçilik zynjyry barada umumy düşünje alýarlar, bu mümkin bolup biljek bökdençlikleri işjeň dolandyrmaga we töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berýär.
Bu öňegidişlikler kärhanalar üçin ep-esli harajady tygşytlamaga, awtomatlaşdyryş arkaly ýalňyşlyklaryň azalmagyna, maglumat düşünjelerine esaslanýan optimal çeşme paýlanyşy almaga we ýangyç tygşytlylygynyň ýokarlanmagy has tertipli we tygşytly işlemäge ýardam edýär.
Mundan başga-da, sanly platformalar kärhanalara häzirki zaman onlaýn dükanlarynyň dürli zerurlyklaryny kanagatlandyryp, has çeýe eltiş mümkinçiliklerini hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Biziň ýurdumyzda hem häzirki wagtda ulag-logistika ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz netijesini berýär. “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan ýurduň çäklerinde hem-de halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurda gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtomobil ulaglarynyň maglumat binýady döredildi. Şeýle-de olara GPS enjamy ornaşdyrlyp, sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.
Ýurdumyzda ulag toplumynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtoulag, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. Ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän täze howa menzilleri bina edilýär, demir ýollar, ýokary tizlikli awtoulag ýollary, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Demir ýol, deňiz we howa ulaglarynyň üsti täze, döwrebap gämiler, wagonlar, uçarlar bilen ýetirilip, ulag hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulundaky Karary esasynda, Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýerli ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini goşmaça artdyrmaga ýardam bermek hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe ulag görnüşleri arkaly (multimodal) ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmek maksady bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.
Orazmuhammet Ýegendurdyýew,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.
Teswirler