Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köp asyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada ilkinji ýatlamany baryp XIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo galdyryp gidipdir. Ol öz kitabynyň XXI babynda, hususan, şeýle ýazýar: “Bu ýerde bilýäňizmi, dünýäde iň nepis we owadan halylar dokalýar, şonuň ýaly-da bijaý gowy, gymmatbaha gyzyl hem başga reňkli matalar dokalýar, başgada köp zatlar öndürilýär.” Egerde Marko Polonyň döwründe halylar Türkmenistanda nepislik we owadanlyk babatynda şeýle derejä ýeten bolsa, onda haly önümçiliginiň taryhda has irki döwürlerde kök urandygyny çaklamak kyn däl bolsa gerek, çünki haly halkyň jümmüşinden çykan ady näbelli ussat aýallaryň köp nesliniň döredijilik zähmetiniň önümidir. Haly dokamak däbi nesilden nesle geçip, asyrlar dowamynda timarlanypdyr, kämilleşipdir. Haly dokamaklygyň tehniki taýdan kämilligi we nagyşlarynyň çeperçiligi, öwüşgininiň inçeligi hem-de çuňňurlygy ony türkmen halkynyň amaly sungatynyň beýleki görnüşleriniň içinde birinji hatarda goýýar. Türkmen halylary öňräkden bäri barlagçylaryň we alymlaryň, höwesjeň kolleksionerleriň ünsüni özüne çekip geldi we gelýär. Marko Polodan soň taryha hem sungatşynaslyga degişli işlerde türkmen halylary barada köp maglumatlar hem ýatlamalar toplanypdyr.
Haly önümleri: çuwallar, horjunlar, torbalar geýim saklamak, zatlary daşamak üçin ulanylýardy. Haly önümleri bilen düýeler, atlar bezelýärdi, olar çarwa öýleriniň, toý dabaralarynyň bezegi bolup hyzmat edýärdi. Haly önümleriniň durmuşda ulanylyşy olary görnüşi şertlendiripdir. Halylaryň kompozision gurluşynda olaryň hemmesine mahsus bolan umumy alamatlar bar: halynyň esasy nagşy bolup durýan “göl” salnan merkezi böleginiň daşyna onuň merkezi böleginiň nagşyndan tapawutlanýan ownuk nagyşlar aýlanýar. Türkmen halylarynyň aýdyň geometrik nagyşlarynda gyzyl reňkiň goýy öwüşginleri agdyklyk edýär.
Halylaryň nagyşlarynyň gelip çykyşlarynyň esaslary bar. Haly nagyşlarynda halyçyny gurşap alan dünýä: ösümlik we haýwanat dünýäsi, suwarymly ekin meýdanlary we ş.m. şekillendirilen görnüşinde görkezilýär. Asyrlaryň dowamynda diňe sähelçe üýtgeşmä sezewar bolan bu nagyşlar aýdyň görnüşli milli häsiýete eýedirler. Häzirki Aşgabatda, Ahal we Mary welaýatlarynyň etraplarynda dokalýan merkezi bölegine “guşly göl”, “salyr göl” nagyşlary salnan halylar – teke halylarydyr. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň etraplarynda dokalýan, merkezi bölegine “gabsa göl ”, “dyrnak göl”, “japarbaý göl”, “pyşbaga” nagyşlary salnan halylar ýomut halylarydyr. Lebap welaýatynyň etraplarynda dokalýan, merkezi bölegine “gülli göl”, “bäş aý beşir”, “harran beşir”, “ýylan beşir” nagyşlary salnan halylar – ärsary halylarydyr. Daşoguz welaýatynyň etraplarynda dokalýan, merkezi bölegine “gülli göl”, “guşly göl”, “wazzyk göl”, “dyrnak göl”, “towuk göl” nagyşlary salnan halylar Daşoguz halylarydyr.
Seýli GOÇÇYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler