Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr.
Şahyr döredijilik işine ýaşlykda başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr.
Magtymguly edebiýatynyň diliniň halka düşnükli bolmagy ugrunda göreşip, çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli ulanypdyr. Onuň şygyrlarynda halka düşnüksiz pikirlere, arap-pars sözlerine seýrek duşulýar. Bu bolsa onuň goşgularynyň höwes bilen okalmagyna sebäp bolýar.
Aýmyrat GÜÝÇGELDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler