“FirstElement Fuels” kompaniýasy ýük ulaglary üçin dünýäde ilkinji uly göwrümli wodorod ýangyç bekedini açdy. Beýanata görä, ýangyç bekedi on minutda bir ýük awtoulagyny dolduryp bilýär.
Bekediň öňki ýangyç beketleriniň kuwwatyndan 10 esse köpdügine ünsi çekdi. Bir ýük awtoulagynyň wodorod baklaryny bekediň üsti bilen on minudyň içinde dolduryp bolýar. Bu diýmek, bir günde takmynan 200 ýük awtoulagyny dolduryp bolýar.
Kompaniýanyň habaryna görä, 725 km aralyk üçin 68,6 kilogram wodorod gerek bolan “Hyundai XCIENT” ýangyç öýjükli “Nikola”-nyň wodorod bilen işleýän ýük awtoulaglarynyň her biri bu beketden ýangyç alar. Beýleki tarapdan, ABŞ “wodorod ykdysadyýeti” diýilýän prosesi çaltlaşdyrmak üçin 8 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýär.
Kaliforniýada şunuň ýaly ýene 60 wodorod bekedini gurmak üçin ýeterlik serişde bölünip berildi. Bu stansiýalaryň 5000 ýük awtoulagyna we 1000 awtobusa hyzmat etmek üçin ýeterlik boljakdygy aýdylýar.
Beýleki tarapdan, wodorod bilen baglanyşykly aladalar entek doly çözülmedi. Wodorod “ýaşyl” ýangyç bolsa-da, önümçilik nokadynda gaty hapa ýangyç bolup biler. Häzirki wagtda öndürilen wodorodyň köpüsi metany, gazylyp alynýan ýangyjy we güýçli parnik gazyny talap edýär. Bu meseleleri çözmek üçin önümçilik alternatiwleri öwrenilýär.
Öwezgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler