Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleridir baglary zyýankeşlerden, kesellerden goramakda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň biolaboratoriýalarynda önjeýli iş alnyp barylýar.
Türkmenistanda bugdaýyň esasy zyýankeşlerinden ýasmygy, sülükpisint gallaçy tomzagy, däne şirejesini, däne sowkasyny, bugdaý bitini, bürepisint ýaprakçy tomzagy bellemek bolar. Şularyň ählisine garşy altyngözlüjäniň liçinkasy ulanylýar. Biolaboratoriýalarda ony 20 — 25 günüň dowamynda bal bilen iýmitlendirip ýetişdirýärler. Zyýankeşlere garşy ulanylýan bu serişdäni gyş paslyndan başga wagty ulanyp bolýar. Eger-de howanyň derejesi 18 — 20 gradusdan geçmese, olary ekin meýdanlaryna goýbermek maslahat berilmeýär. Ony ýylda üç gezek, her gezekde 1 gektara 300 sanysyny ulanmak dogry hasap edilýär.
Trihogramma atly bioönümiň hem ýerine ýetirýän wezipesi ekinleri zyýan berijilerden goramakdyr. Ol diňe zyýankeşleriň ýumurtgalaryna täsir edip, ony çakyp, özüne öwürýär. Netijede, şol ýerde ýene-de bir peýdaly möjejik emele gelýär. Bu goraýjy serişde hem, edil altyngözlüjäniňki ýaly, ýylda üç gezek goýberilip, her gektarda 1 gram möçberinde ulanmak ýeterlikdir. Bir hepdäniň dowamynda ýetişip, meýdana goýberilenden soň, 10 gün ýaşap bilýär. Bu bioönüm, esasan, gowaça ekişi döwründe köp ulanylýar.
Begenç DÖWLETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler