Oguljennet Bäşimowanyň “Gilgameş” pýesasy sahnalaşdyryldy

Adamzat taryhynda ilkinji gezek taryhy-hronologik, ýarym rowaýat görnüşinde gadymy şumerleriň  mifiki wakalaryny beýan edýän şykga ýazylan “Gilgameş” dessany şahyr zenan Oguljennet Bäşimowanyň terjime etmeginde türkmen okyjylaryna gowuşdy.

Ýazuw ýadygärliginiň ilkinji boluşy ýaly Oguljennet Bäşimowanyň hem pýesa žanrynda ilkinji türkmen zenanydygyny aýratyn bellemek gerek.

Şahyr gadymy şumerler bilen türkmenleriň ata-babalarynyň arabaglanyşygy hakdaky ylymlara uly gyzyklanma bildirýär. Awtoryň bu ugurdaky dünýägaraýşy bilen taýýarlanan birnäçe makalalar hem çap edildi.

Oguljennet Bäşimowa: “Men dessany rus hem-de türk dillerinden terjime etdim, eger-de başga dilleri suwara bilýän bolsam, ähli dillerdäki wesiýalary okardym, emma meniň üçin mümkinçiligiň açary şu iki dilde boldy” diýip belleýär.

Oguljennet Bäşimowa – şahyr, ýazyjy, žurnalist, terjimeçi. Onuň “Şahyryň gyzy men”“Göçünden galan gazlar” şygyrlar kitaby; “Yşgyň azany”“Yşk duzagy”“Şekilsiz älemden”“Husn” atly romanlary; “Merwden Mezopotamiýa çenli” ylmy-publisistik kitaby bar.

Magtymguly Pyragy, Möwlana Jelaletdin Rumy, Garajaoglan we Ýunus Emräniň döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanýar. Rumynyň birnäçe saýlanan eserlerini türkmen diline terjime etdi.

Şeýle-de biografiki proza eserleri ýazdy. Möwlanynyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşgyň azany”, Garajaoglanyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşk duzagy”, Ýunus Emräniň durmuşy bilen baglanşykly “Şekilsiz älemden”, Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanşykly “Husn” atly romanlary we poemalary bar.

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ägirt halypalary hakynda makalalary, radio we telegepleşikleridir filmleri hem bar.

Mesopotamiýa, Änew medeniýeti we şumerler

Meşhur dessan 12 sany tablisadan ybarat bolup, ol çyg palçygyň ýüzüne gamyş bilen ýazylan eser bolupdyr. Bu dessan b.e.öň 2000 ýyllara degişli bolup, onuň ilkinji tapyndysy şumerçe ýazgydyr.

Ol Urug begi Gilgamyşyň hatyrasyna ýazylypdyr. Dessanyň ikinji nusgasy b.e.öň 1800 ýyllara degişli bolan Waawilion nusgasydyr.

Ol dessan formasynda, ýagny “bahry-rejez” görnüşde ýazylandyr we şonuň äheňi berilendir. Üçünji nusgasy bolsa, b.e.öň 1250 ýyllarda Kassytlar zamanynda ýaşan Sin-Lekke Unini atly şahyryň timarlamagynda kagyz ýüzüne geçirilendir.

Dessan dünýädäki ähli zady bilen baradaky hekaýanyň beýanydyr. Onuň iki bölüminde Nuhuň Tupany baradaky hekaýat öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň “Taryhy birleşdirýän uly wakalar” diýen bölüminde bu gadymy topragyň “Änew” diýlip atlandyrylmagynyň şumerleriň iň uly taňrysy bolan asman taňrysynyň “Anu” adyndan gelip çykandygy barada bellenip geçilýär.

Mesopotamiýa medeniýetine öz saldamly goşantlaryny goşan şumerler dünýäde ilkinji bolup adamzat hakydasyny hat-ýazuwda ýazyp galdyrmagyň tejribesini ýüze çykarýarlar.

Geçen asyryň başlarynda Änewde taryhy-arheologik işleri geçiren belli amerikan alymy Rafael Pampelli bolsa alyp baran ylmy barlaglarynyň netijesinde Şumerleriň aslynyň hut Änew topragyndan gelip çykandygyny çaklamak bilen oňa degişli ýeterlik delilleri getirýär. Şumerogloglaryň ylmy barlaglary-da Änew bilen şumer medeniýetiniň umumyklaryny giňişleýin açyp görkezýär.

Ýazuwly taryhyň başlangyjy bolan şumer medeniýeti Änew medeniýetiniň özboluşly dowamy bolupdyr diýmäge düýpli esaslar bar.

Şeýle-de okaň:
Oguljennet Bäşimowanyň goşgulary Eýran metbugatynda
Jelaletdin Rumy barada kitabyň elektron görnüşi halk köpçüligi bilen paýlaşyldy
Ene-ata çagalar üçin gyzykly bolmaly (Oguljennet Bäşimowa bilen söhbetdeşlik)
Çaga üçin ene-atanyň berip biljek iň gymmat baýlygy näme? (Oguljennet Bäşimowa bilen söhbetdeşlik)

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok