“Işe girmegiň ýollary” atly tölegsiz okuwlar geçirilýär

“Maslahatly çözgüt” maslahat beriş(konsalting) kompaniýasy “Işe girmegiň ýollary” atly okuwlary geçirýär.  Okuw meýilnamasy zähmetde özüne orun tapmaga ymtylýan ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna niýetlenilýär.

Okuw maksatnamasy 1 aý dowam edip, tölegsiz görnüşde alnyp barylýar. Okuwlar bellenilen wagtyň dowamynda, logistika, marketing we HR ýaly 3 sany aýry modul esasynda geçiriler.

  1. Logistika-bu modulda logistikanyň, eltip berme hyzmatlarynyň, haryt-hyzmat dolanyşygynyň aýratynlyklary bilen iş salşarsyňyz. Onuň möhüm ugurlary, tärleri, iş ýagdaýlarynyň netijeliligi, amala aşyrylyşy, olary ýokarlandyrmagyň usullary barada gyzykly we gerekli maglumatlary edinip bilersiňiz;
  2. Marketing-agzalan modul sizde kämil marketing düşünjesini, satuwda ulanylýan usullary, sosial ulgamlarda marketingi peýdalanmagy, işde üstünlik gazanmakda marketing başlangyçlaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär;
  3. HR–“Human Resources” ýagny, işgärleri dolandyrmak modulynda öz işinde ussat, öňdebaryjy HR-hünärmenleriniň sapaklarynyň kömegi bilen, işgärleri dolandyrmagyň, olar bilen işde ýokary netijeliligi gazanmagyň aýratynlyklaryny öwrenmek arkaly öz bilimiňizi kämilleşdirmäge mümkinçilik alarsyňyz.

Maksatnamanyň 2024-nji ýylyň 4-nji maýyna çenli giriş möhleti bolup, gatnaşmaga isleg bildirýänler ýörite link arkaly özleri barada maglumatlary dolduryp, gatnaşmaga mümkinçilik alyp bilerler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok