Hytaýyň günortasyna tornado: 33 ýaraly!

Hytaýyň günortasyndaky Guanžou şäheriniň Baýýun etrabynda dörän tornado sebäpli 5 adam aradan çykdy, 33 adam bolsa ýaralandy. Bu barada “Sinhua” habar gullugy habar berýär.

Tebigy hadysa sebäpli Baýýundaky 141 zawoda zeper ýetdi. Sebite köp sanly ýangyn söndüriji we gözleg-halas ediş topary iberildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok