Hytaýda ýerleşýän “Shengshu Technology” kompaniýasy we Tsinghua uniwersiteti bilen bilelikde işlenip düzülen, tekstden wideo döretmäge mümkinçilik berýän täze emeli aň guralyny tanyşdyrdy. Emeli aň her ugra degişli dürli-dürli wideolary tekst girizileninden birnäçe wagtyň dowamynda döredýär.
“Vidu” atly emeli aň guraly bir gezekde 1080p ölçegli, 16 sekuntlyk wideo döredýär. “Vidu” Pekindäki Zhongguancun forumynda geçirilen tehnologiýa çäresinde tanyşdyryldy. Emeli aň guraly kemsiz işleri ýerine ýetirýär.
Mälim bolşy ýaly, birnäçe wagt mundan ozal ChatGPT çat-boty bilen belli bolan “OpenAI” amerikan kompaniýasy “Sora” ady bilen emeli aňyň esasynda täze gural döretdi. Sora tekst beýany esasynda dowamlylygy 1 minuta çenli bolan hakyky we döredijilikli wideolary döredip bilýär. Ol neýroulgam rekwizitiň we personažlaryň takyk şekilleri bilen hakyky sahnalary hem döretmäge ukyply.
Şol bir wagtyň özünde, wideodaky personažlar ynandyryjy emosiýalary bildirip bilerler. Mundan başga-da, Sora hereketsiz şekilleri “janlandyryp”, taýýar wideolara kadr goşup ýa-da olaryň üstüni ýetirip bilýär. Emma häzirlikçe, “Sora”-nyň çäklendirmeleri bar, “OpenAI” neýroulgamyň çylşyrymly sahnalary modelirlemekde ýalňyşlyk goýberip biljekdigini duýdurýar.
Bonu OTANAZAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
talyby.
Teswirler
Cool. It's really interesting. Our world is developing every day.