Gündogar Antarktidada 46 sany ýerasty köl tapyldy

Hytaýyň polýar gözleg institutynyň, Hytaýyň geologiýa ylymlary uniwersitetiniň we Hytaýyň günorta ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary Gündogar Antarktidanyň buz gatlaklarynyň aşagynda 46 sany täze ýerasty kölüň tapylandygyny habar berdiler.

Alymlar täze ýerasty kölleri tapmak üçin “buz radarynyň” maglumatlaryndan peýdalandylar we buz gatlaklaryny hemmetaraplaýyn gözden geçirdiler.

Gözlegiň netijesinde sebitde 46 sany ýerasty kölüň tapylandygyny bellän alymlar, bu gözlegiň buz gatlaklarynyň dinamikasyna we Antarktidanyň dürli eýýamlardaky durmuş basgançaklaryna düşünmekde möhümdigini aýtdylar.

Alymlar Antarktidanyň aşagynda takmynan 2400 metr galyňlykda buz gatlagy bilen örtülen dürli ýerasty kölleriň bardygyny bellediler.

Maýa ORAZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok