Şu wagta çenli geçirilen köp sanly ylmy gözlegler al-ýaşyl sebitlerde ýaşaýan adamlaryň has sagdyn bolýandygyny görkezdi. Mysal üçin bu adamlar pes stresi başdan geçirýärler we ýürek-damar kesellerine az sezewar bolýarlar. Golaýda täze geçirilen gözleg, seýilgählere, agaçlara we beýleki ýaşyl ýerlere golaý ýaşamak öýjükleriň garramagyny haýallaşdyrýandygyny ýüze çykardy.
Geçirilen täze gözleg, ýaşaýan ýerimizde bize duçar bolýan zatlar, iýýän zatlarymyz ömrümiz bilen baglanyşykly bolup durýar. Demirgazyk Karolina döwlet uniwersitetiniň seýilgähler, dynç alyş we syýahatçylygy dolandyrmak boýunça professorlary tebigatyň, tokaýlaryň we ýaşyl ýerleriň öýjügi garramakdan goraýandygyny mälim edýärler.
Ýaşyl giňişlikler, saglyk taýdan gowy netijeleri berip, fiziki işjeňligi ýokarlandyrýar. Agaçlar hat-da otag gülleri hem ömrüň uzamagyna öz netijeli täsirini ýetirýär. Sebäbi ýaşyl zolaklar ýa-da sebitler howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam edýär, howany has salkyn saklaýar.
Alymlar doly we anyk netijä gelmek üçin 7800-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen gözleg maglumatlaryny ulandylar. Netijede, töwerekdäki ýaşyl meýdanyň mukdarynyň 5 göterim ýokarlanmagynyň öýjükleriň garramagynyň 1 göterim azalmagy bilen baglanyşyklydygyny anykladylar.
Aýbölek HOJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.
Teswirler