Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At türkmen üçin ähli zatdyr» diýip belleýär. Şu jümle Milli Liderimiziň türkmen bedewlerine garaýşyny, olara goýýan sarpasyny görkezýär. Şonuň ýaly-da, bu eserde türkmen bedewiniň taryhy yzarlanyp, onuň gelip çykan ýeriniň türkmen topragydygy ylmy taýdan subut edilýär. Munuň özi kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar, ony türkmen bedewiniň taryhy barada ýazylan iň naýbaşy eser hökmünde öňe çykarýar. Şonuň üçin hem, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri ýurdumyzyň taryhçy alymlary, atşynaslary, bilim işgärleri, mahlasy, ähli adamlar üçin ýankitaba öwrüldi.
Taryhda aty bilen bagry badaşan türkmeniň batyrgaý gerçekleriniň biri hem Jelaletdin Menguberdidir. Ol ýaşlyk ýyllarynda ejesi Aýçiçekden at münmegi we jylawlamagy, babasy Tahyr begden at üstündäki söweş tilsimlerini öwrenipdir. Bütin ömrüni at üstünde geçiren gerçegi wepaly ýoldaşy bolan bedewi ölümden halas edipdir. Iki ýana çyrpynyp akyp ýatan Hind derýasyndan ýüzüp geçen bedew atyň hem-de batyr ýigidiň yzyndan başyny ýaýkap, ahmyrly seredip galan mongol serkerdesi şeýle düşbi, ynsan ýaly syzgyr ahalteke bedewini hem-de hiç zatdan gorkmaýan batyr esgeri arzuwlapdyr. Şol söweşden soň hormat hökmünde Jelaletdin hiç mahal atyny münmändir. Ony zer-zerbap gymmat bahaly şaýlar bilen bezäp-besläpdir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
At gazanan goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek
— diýip waspyny edýän bedewleriniň bu günki günde şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmen halky toý-baýramlaryny bedew atlary bilen gyzykly, şowhunly edip belläp geçýär. At münmek, atçylyk sporty bilen meşgullanmak sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewi bolup, ýaşlarda çalasynlygy, dogumlylygy, edermenligi terbiýeleýär. 2015-nji ýylda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen atçylyk sportuny ösdürmegiň mümkinçilikleriniň hukuk binýady pugtalandyryldy. Atçylyk sportunda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, atly sporty kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Halkymyzyň bedewlere goýýan hormaty ajaýyp döwrümizde has-da belende galdy. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanýan şu günlerinde biziň her birimiziň behişdi bedewlerimize bolan söýgimiz has-da goşalanýar. Goý, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny äleme ýaýmakda ýadawsyz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýaýlym ORAZBERDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.
Teswirler