Alymlar onlarça ýyl bäri dürli gözlegler geçirseler-de, haýwanlar ýaly tiz hereket edip bilýän robot ýasap bilmediler.
Alymlaryň pikiriçe bu maksada ýetmek ýakyn wagtda mümkin bolmaz. Sebäbi haýwanlaryň robotlar bilen deňeşdirilende has gowy hereket etmeginiň esasy sebäbi robotlarda ulanylýan biologiki komponentler bilen mehaniki bölekleriň arasyndaky tapawut bilen baglanyşykly däldigi bolup durýar.
Alymlaryň pikiriçe, haýwanlar el-aýaklaryny has sazlaşykly ulanýarlar. Robotlar bu meselede henizem yzda. Beýleki tarapdan, alymlar millionlarça ýyllyk haýwanlaryň ewolýusiýasyny robot tehnologiýasyny ösdürmäge sarp edilen wagt bilen deňeşdirilende tehnologiki ösüşiň hakykatdanam çalt bolandygyny mälim edýärler.
Kanadadaky Simon Fraser uniwersitetiniň alymlary: “Garynja müňlerçe kilometrlik daglyk ýerden geçip biler, dag geçisi gaýa çykyp biler we tarakanlar aýagyny ýitirse-de haýal etmän hereket edip bilerler. Emma beýle çydamly, çeýe we ykjam aýratynlyga eýe bolan robot entek ýasamak başartmady” – diýip belläp geçdi.
Annabaýram JUMAÝEW,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.
Teswirler