26-njy aprelde, Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän bu çäre Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr.
Wekilçilikli maslahata Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, gündogarşynaslar, tanymal professorlar, ýaş alymlar, Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, RF-niň Tatarystan Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bilermenler çagyryldy.
Çäräniň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar düýn açyk asmanyň astyndaky ýadygärlik bolan gadymy Amul şäherine baryp gördüler we onuň binagärlik gurluşy bilen tanyşdylar. Şeýle hem myhmanlar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlandylar. Gezelençlerden soňra, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.
Forumyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda şäherleriniň biri bolan gadymy Amul galasyna bagyşlanan mowzuklaýyn sergi guraldy.
Güljemal GÜÝJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler