Ekoabadançylygy üpjün etmek

XXI asyrda ekoabadançylygy üpjün etmek wezipesi goja Zeminiň dünýä halklarynyň tebigat hemmesiniň umumy öýüdigine göz ýetirmegi netijesinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty we daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek, olary baýlaşdyrmak, ekoabadançylygy üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň bütin taryhy onuň mähriban topragy, gözel tebigaty, uç gyraksyz Garagum çöli, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi we onuň ajaýyp kenary bilen aýrylmaz baglydyr.

Ýurdumyzda daşky gurşawy we tebigy baýlyklary goramak ugrunda birnäçe kanunlar kabul edildi. “Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr” diýip Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda bellenilip, bu bolsa tebigy baýlyklarda rejeli we netijeli peýdalanmakda raýatlaryň ekologiýa borçlaryny berkidýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ekoabadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsirleri aradan aýyrmak, suw, ýer we biologiki serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda Türkmenistan döwletimizde birnäçe usullar ulanylýar. Bu ugurda dünýä ylmynyň iň soňky gazanan tehnikalary we tehnologiýalary ýerlikli peýdalanýar. Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň çeşmesidir. Şonuň üçin tebigaty goramak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösdürmek boýunça döwletli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize, onuň beýik işlerini dowamat dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklarymyzy bildirýäris.

Mämmet ANNAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
Sanly Tehnologiýalar we Kiberhowpsyzlyk
fakultetiniň Kiberhowpsyzlyk
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok